Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   22.08.2024
Gutarýar:   04.10.2024
Goýuldy:   23.08.2024

№ T/GAZ-032 «Türkmengaz» Döwlet konserni açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» Döwlet konserni 2024-nji ýylyň 22-nji awgustyndan 2024-nji ýylyň 4-nji oktýabry aralygynda «Türkmengaz» DK-nyň zerurlyklary üçin material-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça açyk tender № T/GAZ-032 yglan edýär.

Lotlar:

4-nji lot – Awtotraktor enjamlary (ätiýaçlyk şaýlary);

5-nji lot – Kömekçi önümler.

Gatnaşmagyň şertleri:

Aşgabat şäheri, 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, «Türkmengaz» DK-nyň UKPO salgysyna ýüz tutup, aşakdaky işler amala aşyrylmalydyr:

- Tendere gatnaşmaga isleg bildirýän arzany tabşyrmak (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan hatlar kabul edilmeýär), onda gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank hasaplary görkezilmelidir.

- Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça tenderler hakynda» Kanuny, «Tenderiň geçirilmegi baradaky düzgünler» we tendere gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyş bolmaly.

- Lotlaryň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.

- Bir lot üçin tendere gatnaşmaga 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary möçberinde ýa-da manatdaky ekwiwalentinde serişdeleriň (NDH we bank çykdajylaryny hasaba almanyňda) tölenmegi üçin hasap-faktura almaly.

Gerekli maglumatlaryň ählisini http://www.oilgas.gov.tm/ salgysyndan göçürip almak ýa-da ýokarda görkezilen salgyda almak bolar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Elektron poçta salgysy: turkmengaz@online.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.

Teklipleriň tabşyrylma möhleti:

Tender teklipleri ýerli wagt boýunça 2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda 15:00-a çenli kabul edilýär. Bellenilen möhletden giç gelen teklipler kabul edilmez. Pul serişdeleriniň geçirilmegi üçin hasap-faktura  ýüz tutma wagtynda görkeziler.

Doly tender teklibi (kotirofka) bolan möhürli bir bukja ýokarda görkezilen salga gowşurylmalydyr we oňa pul serişdeleriň hasaba geçirilmeginden soň serediler. Tender bukjasynyň içine elektron görnüşde anketa, şertnamanyň esasy şertleri («Word» formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa («Excel» formatynda) goýulmalydyr.

Goşmaça habarlaşmak üçin:

Elektron poçta salgysy: info@turkmengaz.gov.tm, odum@turkmengaz.gov.tm

«Türkmengaz» DK-nyň web sahypasy: http://www.oilgas.gov.tm/