Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   20.08.2024
Gutarýar:   01.10.2024
Goýuldy:   20.08.2024

№-136/1 “Türkmennebit” Döwlet konserni tender tekliplerini hödürlemegiň möhletini uzaldýar

“Türkmennebit” Döwlet konserni tender komissiýasynyň adyndan №-136/1 belgili, material-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça açyk tender tekliplerini rlemegiň möhletini 01.10.2024 ýyla çenli uzaldýar

Tendere gatnaşmak isleýänler aşakdaky salgy boýunça ýüz tutup bilerler: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK.

- Tendere gatnaşmaga isleg bildirip, gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk statusyny, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen arza tabşyrmak (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arza kabul edilmeýär);

- Türkmenistanyň "Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda" Kanuny, "Tender geçirmegiň düzgünlerinden" göçürme we tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

- Lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we esasy şertnamanyň şertlerini almak;

- Tendere gatnaşmak üçin her lota 1725 ABŞ dollary (ŞGSZ bilen) ýa-da manatdaky ekwiwalent tölenmelidir. Tölegiň hasaby ýazmaça arza berilende görkeziler.

Gerekli maglumatlaryň ählisini www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan alyp ýa-da ýokarda görkezilen salgydan almak bolýar. Tendere ähli gyzyklanýan mümkin bolan üpjün edijiler gatnaşyp bilerler. Tender teklipleriniň berilmeginiň möhletleri barada maglumaty ýokarda görkezilen web sahypalaryndan "Нейтральный Туркменистан" gazetinde tenderiň bildirişi resmi çap edilen gününden başlap alyp bilersiňiz.

Bellenilen möhletden soň gelip gowşan teklipler seredilmez. Bildiriş çap edilen gününden başlap, möhürlenen bir sany doly tender teklibi görkezilen salgya eltilmelidir. Tekline töleg hasaba geçirileninden soň serediler. Möhürlenen bukjaly teklibe anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (Word formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (Excel formatynda) goşulmalydyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-39-24, 40-39-90 (teklip bermek üçin faks); 40-39-93, 40-35-11, 40-35-58 (tehniki meseleler üçin). Elektron poçta: fer@turkmennebit.gov.tm.