Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   09.08.2024
Gutarýar:   19.09.2024
Goýuldy:   09.08.2024

№ 103/1 "Türkmennebit" Döwlet konserni halkara açyk tenderi gaýtadan yglan edýär

"Türkmennebit" Döwlet konserni tender komissiýasynyň adyndan № 103/1 belgili halkara açyk tenderi gaýtadan yglan edýär we aşakdaky lot boýunça satyn alyşlary geçirmek isleýär.

Lot № 2 – Umumyzawod, tehnologiýa we buraw enjamlary.

Size aşakdaky salgy boýunça ýüz tutmak maslahat berilýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, "Türkmennebit" DK:

- Tendere gatnaşmaga isleg bildirip, gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk statusyny, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen arza tabşyrmak (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arza kabul edilmeýär);

- Türkmenistanyň "Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda" Kanuny, "Tender geçirmegiň düzgünlerinden" göçürme we tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

- Lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we esasy şertnamanyň şertlerini almak;

- Tendere gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 575 dollary (NDH goşulmak bilen) möçberinde ýa-da şol möçberde manatda ekwiwalent görnüşde serişde tölemek üçin hasap-fakturany almak.

Ýokarda görkezilen tendere ähli gyzyklanma bildirýän üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Ähli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm elektron salgylaryndan alyp bolýar ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.

Tender teklipleri "Нейтральный Туркменистан" gazetinde bu tenderiň yglan edilmeginiň resmi senesinden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt boýunça 30-njy iş gününiň 16.00-dan giç bolmaly däl. Bellenen möhletden giç gelen teklipler gözden geçirilmän galdyrylar.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.

Doly tender teklibi bir möhürlenen bukjada ýokarda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmaly we ol serişdeler hasaba alnandan soňra gözden geçiriler. Tender bukjasyna hökmany ýagdaýda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň elektron nusgasyny ("Word" formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýasyny ("Excel" formatynda) goşuň.

Maglumat üçin telefonlar:

40-39-24 (arzalar üçin faks);

40-39-93, 40-39-90, 40-33-06, 40-35-78 (tehniki soraglar üçin).

fer@turkmennebit.gov.tm (e-poçta salgy).