Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   08.08.2024
Gutarýar:   18.09.2024
Goýuldy:   08.08.2024

№ 145 “Türkmennebit” Döwlet konserni halkara açyk tender yglan edýär

“Türkmennebit” Döwlet konserni tender komissiýasynyň adyndan № 145 lot boýunça halkara açyk tender yglan edýär:

Lot № 1 – Turbalar we metal prokady.

Şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” Döwlet konserni:

- Tendere gatnaşmaga isleg bildirýän arzada (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arza kabul edilmeýär) doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alyş ýurduny görkezmeli;

- Türkmenistanyň “Döwlet sargytlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” kanuny, “Tender geçirmek düzgünleri” hem-de tendere gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

- Lotyň spesifikasiýasy, tehniki talaplary we esasy şertleri almak;

- Tendere gatnaşmak üçin 575 amerikan dollary (NDH bilen) ýa-da manatda ekwiwalent serişdäni tölemek üçin hasap-fakturasyny almak.

Ýokarda agzalan tendere ähli gyzyklanýan potensial üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Gerekli ähli maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm elektron salgylaryndan ýükläp alyp ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Tender teklipleri “Нейтральный Туркменистан” gazetinde bu tender baradaky bildiriş resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda, ýerli wagt bilen 16:00-den giç bolmadyk wagtda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç gelen teklipler garalmaga kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza berilende görkeziler.

Doly tender teklibi bolan bir möhürlenen konwert bildirişiň çap edilen gününden başlap ýokarda görkezilen salga tabşyrylmaly we ol pul serişdeleri hasaba geçirilenden soň garalmaga kabul ediler. Tender konwertine hökmany ýagdaýda anketa, şertnamanyň esasy şertleri (“Word” formatda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (“Excel” formatda) elektron görnüşde goşulmalydyr.

Maglumat üçin telefonlar:

40-39-24 (arzalar üçin faks);

40-39-93, 40-35-55, 40-35-53 (tehniki soraglar üçin).

fer@turkmennebit.gov.tm (elektron salgysy).