Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   06.08.2024
Gutarýar:   16.09.2024
Goýuldy:   06.08.2024

№ 144 “Türkmennebit” Döwlet konserni gaýtadan halkara açyk tender yglan edýär

“Tükmennebit” Döwlet konserni tender komissiýasynyň adyndan aşakdaky lot boýunça № 144 belgili halkara açyk tenderi gaýtadan yglan edýär:

Lot № 2 – Zawodda ulanylýan tehnologiki buraw enjamlary.

Size aşakdaky salgy boýunça habarlaşmak teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:

– Tendere gatnaşmak islegiňiz barada, gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen arza bermek (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);

– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary bermek boýunça tenderler hakynda” kanuny, “Tenderleri geçirmek düzgünlerinden” çykarmalar we tenderlere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– tendere gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 575 dollary (NDH bilen) ýa-da manatdaky ekwiwalenti möçberinde serişdeleriň tölenilmegi üçin hasap-fakturasyny almak.

Ýokarda agzalan tendere ähli gyzyklanma bildirýän mümkin bolan üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Gerekli bolan ähli maglumatlary aşakdaky elektron salgylar arkaly göçürip alyp bilersiňiz: www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Tender teklipleri “Нейтральный Туркменистан” gazetinde bu tender barada resmi bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen sagat 16.00-dan gijä galman kabul edilýär.

Görkezilen möhletden soň gowşan teklipler gözden geçirilmeýär.

Pul serişdeleriniň geçirilişi üçin hasap ýazmaça arza berlende görkeziler.

Dolulygyna möhürlenen tender teklibi bolan bir bukja ýokarda görkezilen salgy boýunça bildirişiň çap edilen gününden başlap tabşyrylmaly we oňa pul serişdeleri hasaba geçenden soň seredilýär. Tender bukjasyna hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (“Word” formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (“Excel” formatynda) goşulmalydyr.

Maglumat üçin telefon belgileri: 40-39-24 (arzalary tabşyrmak üçin faks); 40-39-90, 40-39-93, 40-35-69, 40-37-85; (tehniki soraglar üçin).

fer@turkmennebit.gov.tm (elektron salgysy).