Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   05.08.2024
Gutarýar:   13.09.2024
Goýuldy:   05.08.2024

№ 115/2, 138 “Türkmennebit” Döwlet konserni halkara açyk tenderleri gaýtadan yglan edýär

“Türkmennebit” Döwlet konserni, tender toparynyň adyndan, № 115/2 we №138 belgili halkara açyk tenderleri aşakdaky lot boýunça satyn almak üçin gaýtadan yglan edýär:

Lot № 4 – Awtoulag, traktor, ýörite tehnikalar, enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary

Size şu salgydan ýüz tutmagy teklip edýäris: Türkmenistanyň, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:

– tenderlere gatnaşmak islegiňizi beýan edýän arza bermek (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arza kabul edilmeýär) we gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we maglumatlaryny görkezmek;

– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary bermek boýunça tenderler hakynda” kanuny, “Tenderleri geçirmek düzgünlerinden” çykarmalar we tenderlere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– tenderlere gatnaşmak üçin lot üçin 575 ABŞ dollary (NDIS bilen) ýa-da şol ekwiwalenti manatda serişdeleri tölemek üçin hasap-faktura almak.

Ýokarda görkezilen tenderlere ähli gyzyklanma bildirýän potensial üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Ähli zerur maglumaty www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm elektron salgylaryndan ýükläp almak ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça almak bolar.

Tender teklipleri “Нейтральный Туркменистан” gazetinde tenderleriň bu bildirişi resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagty bilen 30-njy iş gününiň 16:00-syna çenli gijä galman tabşyrylmalydyr.

Bellenen möhletden soň gelen teklipler göz öňüne alynmaýar.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza berilende görkeziler.

Tender teklibi bolan bir möhürlenen bukja bildiriş çap edilen gününden başlap ýokarda görkezilen salgy boýunça gowşurylmalydyr we oňa pul serişdeleriň hasaba geçirilmeginden soň serediler.

Tender bukjasynyň içine hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (“Word” formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (“Excel” formatynda) salynmalydyr.

Maglumat almak üçin telefonlar: 40-39-39 (arza tabşyrmak üçin faks); 40-39-90, 40-39-93, 40-31-06, 40-39-83 (tehniki meseleler boýunça).

Elektron salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm