Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   03.08.2024
Gutarýar:   30.08.2024
Goýuldy:   03.08.2024

№150 «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni halkara tenderiň möhletini uzaldýar

«Türkmenhimiýa» Döwlet konserni tender komissiýasynyň adyndan, 2024-nji ýylyň 17-nji iýunynda №150 (30852) yglan edilen, Türkmenabat himiýa zawodynda fosfor dökün öndürýän sehiniň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça “taýýar ýagdaýda” halkara tenderiň möhletini uzaldýar

Tendere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132 salgysynda ýerleşýän «Türkmenhimiýa» Döwlet konsernine aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

– doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny, bank maglumatlaryny görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada ýazylyp doldurylan arza;

– 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) ABŞ dollary möçberinde, şol sanda goşulan baha salgydy bilen ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hümmeti boýunça manat bilen (Türkmenistanyň rezidentleri üçin) töleg tölenip, tender resminamalarynyň bukjasyny  almak.

Tender teklipleri üçin bukjalar tendere gatnaşmak üçin tölegiň tölenendigini tassyklandan soň kabul ediler.

Tender tekliplerini tabşyrmagyň iň soňky möhleti – «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bildiriş çap edilen gününden başlap, 20 (ýigrimi) iş güni.

Maglumat üçin telefonlar: (99312) 39-01-62, 39-01-58; faks: 39-01-72.

E-mail: contact@turkmenhimiya.gov.tm