Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   01.08.2024
Gutarýar:   11.09.2024
Goýuldy:   02.08.2024

№ Т/GaZ-028 “Türkmengaz” Döwlet konserni açyk bäsleşik yglan edýär

“Türkmengaz” Döwlet konserni 01.08.2024ý. – 11.09.2024ý. aralygynda “Türkmengaz” DK-nyň zerurlyklary üçin maddy-enjam üpjünçilik serişdelerini satyn almak boýunça açyk № Т/GaZ-028 bäsleşik yglan edýär.

Şu lotlar boýunça:

Lot № 2 – Zawodyň umumy enjamlary;

Lot № 2 – Tehnologiki enjamlar;

Lot № 5 – Kömekçi önümler.

Şu salgydan ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat şäheri, 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK-nyň ÝGPJ

– bäsleşige gatnaşmak islegi barada ýazmaça arza tabşyrmak (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arza kabul edilmeýär) we gatnaşyjynyň doly adyny, hukugy derejesini, hasaba alnan ýurduny we maglumatlaryny görkezmek;

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda» kanuny, «Bäsleşik geçirmegiň düzgünleri» we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– lotlaryň spesifikasiýasyny, tehniki talaplaryny we esasy şertnamanyň şertlerini almak.

– Bäsleşige gatnaşmak üçin her lota 500 (bäş ýüz) amerikan dollary ýa-da manadyň ekwiwalentinde (NDH we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) serişdeleriň tölenmegi üçin hasap almak.

Gerekli bolan ähli maglumatlary http://www.oilgas.gov.tm/ salgysyndan ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Elektron poçta salgysy: turkmengaz@online.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.

Bäsleşik teklipleri ýerli wagt bilen 11.09.2024 ý. 15.00-a çenli kabul edilýär. Ýokarda görkezilen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.

Bir bäsleşik teklibi (kotirofka) möhürlenen bukjaň içinde ýokarda görkezilen salgy boýunça bäsleşik yglan edilen gününden başlap kabul edilýär we oňa serişdeler hasaba geçirileninden soň seredilýär.

Bäsleşik bukjasyna hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň (Word formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýanyň (Excel formatynda) elektron görnüşini salyň.

Elektron poçta salgylary:

info@turkmengaz.gov.tm 

odum@turkmengaz.gov.tm