Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   01.08.2024
Gutarýar:   11.09.2024
Goýuldy:   01.08.2024

№ 146 “Türkmennebit” Döwlet konserni halkara tender yglan edýär

“Türkmennebit” Döwlet konserni Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna kompressor bekediniň dolandyryş ýygnagy we gazyň transporty boýunça hyzmatlaryň abatlanylmagy, döwrebaplaşdyrylmagy we toplumlaýyn gözegçilik hyzmatlarynyň berilmegi barada harytlary, işleri we hyzmatlary üpjün edijileri (podratçylary) bäsleşik (tender) esasynda saýlap alyş komissiýasynyň adyndan  № 146 halkara tender yglan edýär

Siz şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” Döwlet konserni:

– tendere gatnaşmak islegini beýan edýän (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň islegnamalary kabul edilmeýär) arza bermek we onda gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurdy we rekwizitleri görkezmek;

–  Türkmenistanyň "Döwlet zerurlyklary üçin harytlary, işleri we hyzmatlary üpjün etmek boýunça tenderler hakyndaky" kanuny, “Tenderiň geçiriş düzgünleriniň” göçürmesi we tenderlere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmaly;

– lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

– tendere bökdençsiz gatnaşmak üçin lot başyna 1725 ABŞ dollary (NDH bilen) ýa-da lot başyna manat ekwiwalentinde serişdeleriň tölenmegi üçin hasap-faktura almaly.

Ýokarda görkezilen tendere gatnaşmak ähli gyzyklanýan potensial üpjün edijiler üçin açykdyr.

Spesifikasiýa ýa-da tehniki tabşyryk bilen www.oilgas.gov.tm, www.turkmennebit.gov.tm internet sahypalarynda tanşyp bilersiňiz.

Tender teklipleri “Нейтральный Туркменистан” gazetinde tender barada resmi bildiriş çap edilen  gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda, ýöne ýerli wagt bilen 30-njy iş güni 16.00-dan gijä galman kabul edilýär.

Ýokarda bellenilen möhletden giç gelip gowşan teklipler seredilmäge degişli däldir.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza berilende görkeziler.

Doly tender teklibi bolan bir möhürlenen konwert ýokarda görkezilen salgy boýunça, pul serişdeleriň hasaba geçmegi bilen kabul edilip başlanýar we seredilmäge degişli bolýar. Tender konwertine hökmany suratda şertnamanyň esasy şertleriniň (“Word” formatda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýanyň (“Excel” formatda) elektron görnüşi goşulmalydyr.

Maglumat üçin telefonlar: 40-39-24 (arza bermek üçin faks); 40-39-93, 40-39-90, 40-31-67, 40-31-82 (tehniki meseleler üçin).

Elektron poçta salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm