Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   30.07.2024
Gutarýar:   09.09.2024
Goýuldy:   30.07.2024

«Türkmengaz» Döwlet konserni halkara bäsleşik yglan edýär

«Türkmengaz» Döwlet konserni bäsleşik komissiýasynyň adyndan Naýyp we Gazojak suwuklandyrylan gaz saklaýjy toplumlarynda (SGST) dolandyryş awtomatlaşdyryş ulgamlaryny we elektroenergetika üpjünçilik ulgamlaryny (açar gowşurmak şerti bilen) üpjün etmek, gurnamak we işe girizmek boýunça potratçyny saýlap almak üçin halkara bäsleşigini yglan edýär.

Siz şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, «Türkmengaz» Döwlet konserni, Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi, 17.24a otagy:

– bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirmegiňizi ýazmaça ýüz tutma (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bar bolan kompaniýalaryň ýüz tutmalary kabul edilmeýär) görnüşinde tabşyrmak, ýüz tutmada gatnaşýanyň doly adyny, onuň hukuk statusyny, hasaba alnan ýurduny, bank rekwizitlerini we kompaniýanyň işjeňligi baradaky maglumatlary (esasy iş ugurlary, meňzeş taslamalardaky tejribesi we ş.m.) görkezmek;

– Türkmenistanyň «Döwlet maksatly harytlary, işleriň ýerine ýetirilmegini we hyzmatlaryň edilmegini üpjün etmek boýunça bäsleşikler hakynda» Kanuny bilen tanyşmak;

– 1725 ABŞ dollary ýa-da onuň manatda ekwiwalenti (NDH bilen) möçberindäki serişdeleri tölemek üçin hasap fakturasy almak teklip edilýär.

Bäsleşik teklipleri, resmi habaryň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt bilen 30-njy iş güni 16:00-dan giç däl.

Agzalan möhletden soň gelen teklipler kabul edilmeýär. Bäsleşik teklipleriniň bukjalary ýokarda görkezilen salga eltilmelidir.

Bellik: bäsleşik resminamalarynyň doly toplumy diňe bäsleşik tölegi tölenenden soň berilýär.

Maglumat üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40, 40-32-50; faks: (+99312) 40-32-59.