Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   29.07.2024
Gutarýar:   06.09.2024
Goýuldy:   29.07.2024

№ 141 / № 142 / № 143 “Türkmennebit” Döwlet konserni halkara tenderleri yglan edýär

“Türkmennebit” Döwlet konserni, Türkmenistanyň nebit-gaz toplumyna degişli harytlary, işleri we hyzmatlary üpjün edijileri (podradçylary) saýlap almak boýunça bäsleşik (tender) toparynyň adyndan № 141, № 142 we № 143 belgili tender teklipleriniň taýýarlanylmagy boýunça “Awtomatiki gazanhananyň 75 tonna/sagat kuwwatlygyna eýe bolan desganyň taslamasyny düzmek we “taýýar” ýagdaýda gurnamak, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň LÇ-35-11/500 katalitik riforming enjamynda K-5/1,6-32 utup ýygnaýan gazanlary çalyşmak (sökmek we gurnamak) boýunça 2 toplumda, hem-de enjamlaryň radiasiýa we konweksiýa zolaklarynyň turbalaryny täzelemek, sökmek we gurnamak işleri boýunça kapital abatlamak işleriniň ýerine ýetirilmegi, şeýle-de LÇ-35-11/500 katalitik riforming enjamynyň peç bölüminiň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça halkara tenderleri gaýtadan yglan edýär.

Şu salgydan ýüz tutup bilersiňiz: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:

– tenderlere gatnaşmaga isleg bildiren gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alyş ýurduny we beýleki maglumatlaryny görkezýän arza tabşyrmaly (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär);

– Türkmenistanyň "Döwlet zerurlyklary üçin harytlary, işleri we hyzmatlary üpjün etmek boýunça tenderler hakyndaky" kanuny, “Tenderiň geçiriş düzgünleriniň” göçürmesi we tenderlere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmaly;

– lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

– tenderlere gatnaşmak üçin 1725 ABŞ dollary (salgytlar bilen) ýa-da lot başyna manat ekwiwalentinde serişdeleriň tölenmegi üçin hasap-faktura almaly.

Ýokarda agzalan tenderlere ähli gyzyklanma bildirýän üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Spesifikasiýa ýa-da tehniki tabşyryk bilen şu salgy boýunça tanşyp bilersiňiz: www.oilgas.gov.tm, www.turkmennebit.gov.tm web-saýtlary.

Tender teklipleri “Нейтральный Туркменистан” gazetinde tenderler barada resmi bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş güni dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt bilen 30-njy iş güni 16.00-dan giç däl.

Hasap üçin maglumatlar ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.

Bir möhürlenen konwertde doly tender gatnaşyjy hasap-faktura ýazandan soňra aşakda görkezilen adrese tabşyrylmaly. Tender konwertine hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (Word formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (Excel formatynda) goşulmaly.

Maglumat üçin telefonlar: 40-39-24, 40-39-90 (arzalary kabul etmek üçin faks) 40-39-90, 40-39-93, 40-33-06, 40-37-85, 40-35-69 (tehniki meseleler üçin).

E-poçta: fer@turkmennebit.gov.tm.