“Türkmennebit” Döwlet konserni bäsleşik komissiýasynyň adyndan 139-njy we 140-njy bäsleşikler boýunça aşakdaky loty satyn almak üçin halkara açyk bäsleşikleri yglan edýär:
Lot № 3 – Elektrik enjamlary, geofiziki enjamlary, gözegçilik we ölçeg enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we gurluşyk materiallary;
Siz şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat şäheri, Türkmenistan, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:
– Bäsleşiklere gatnaşmak isleýändigiňizi görkezýän arza bermek (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylar kabul edilmeýär) we onda gatnaşýanyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we maglumatlaryny görkezmek;
– Türkmenistanyň "Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" kanuny, "Bäsleşikleri geçirmek düzgüni" we bäsleşiklere gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;
– Lot spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
– Bäsleşiklere gatnaşmak üçin her lota 575 amerikan dollary (NDH bilen) ýa-da türkmen manadynda ekwiwalent serişde tölemek üçin hasap-faktura almak.
Ýokarda agzalan bäsleşiklere ähli gyzyklanma bildirýän üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.
Gerekli maglumatlary has giňişleýin www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm elektron salgylaryndan ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.
Bäsleşik teklipleri resmi taýdan "Нейтральный Туркменистан" gazetinde bu bäsleşik baradaky bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne 30-njy iş gün ýerli wagt bilen sagat 16:00-dan giç däl.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap maglumatlary ýazmaça arza berlende görkeziler.
Tutuş bäsleşik teklibini möhür bilen tassyklanan bir ýapyk konwertde, bäsleşigiň yglan edilen gününden başlap tabşyrmaly we ol pul serişdeleri hasaba geçenden soň doly kabul edilýär. Bäsleşik konwertine Word formatynda esasy şertleri, Excel formatynda tehniki-ykdysady spesifikasiýany hökman goşmaly.
Maglumat almak üçin telefon belgileri: 40-39-24 (arza tabşyrmak üçin faks); 40-39-93, 40-31-12, 40-31-57, 40-39-77, +993222 7-10-86 (tehniki meseleler üçin);
Elektron poçta: fer@turkmennebit.gov.tm