Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   26.07.2024
Gutarýar:   20.08.2024
Goýuldy:   26.07.2024

№ 135 «Türkmennebit» Döwlet konserni bäsleşik tekliplerini tabşyrmak möhletini uzaldýar

«Türkmennebit» Döwlet konserni, bäsleşik toparynyň adyndan, № 135 açyk bäsleşigi boýunça maddy-tehniki serişdeleri satyn almak üçin bäsleşik tekliplerini tabşyrmak möhletini 2024-nji ýylyň 20-nji awgustyna çenli uzaldýar.

Teklipler: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, «Türkmennebit» DK-nyň salgysyna hödürlenilýär:

– Bäsleşige gatnaşmak islegini beýan edýän haty (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan haýyşnamalar kabul edilmeýär) gatnaşýan tarapynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alyş ýurdy we maglumatlaryny görkezmek bilen tabşyrmak;

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda» kanuny, «Bäsleşik geçirmegiň düzgünleri» we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– Lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– Bäsleşige gatnaşmak üçin her lota 1725 ABŞ dollary (NDH bilen) ýa-da manat görnüşinde tölegiň hasabyny almak.

Hemme gerekli maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm elektron salgylaryndan ýükläp almak ýa-da ýokarda görkezilen salgydan görmek mümkin.

Ýokarda agzalan bäsleşige gyzyklanýan ähli mümkin bolan üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik tekliplerini tabşyrmagyň möhletleri baradaky maglumatlary «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bu bäsleşik baradaky bildiriş resmi taýdan çap edilen gününden başlap www.turkmennebit.gov.tm we www.oilgas.gov.tm elektron salgylarynda tanşyp bilersiňiz.

Ýokarda görkezilen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmez.

Tölegiň geçirilmeli hasaby hat tabşyrylanda görkeziler.

Bir möhürlenen konwertde doly bäsleşik teklibi, kompaniýanyň möhri bilen tassyklanan görnüşde bildirişiň çap edilmeginden soňra ýokarda görkezilen salgy boýunça gowşurylmalydyr we bu konwerte serişdeleriň hasaba geçirilmeginden soň serediler. Bäsleşik konwertiniň içine hökmany suratda «Word» formatynda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň we «Excel» formatynda tehniki-ykdysady spesifikasiýanyň elektron nusgalary goşulmalydyr.

Maglumat üçin telefonlar: 40-39-24, 40-39-90 (haýyşnamalary tabşyrmak üçin faks); 40-39-93, 40-31-91, 40-39-56, 40-39-53 (tehniki meseleler üçin) fer@turkmennebit.gov.tm (elektron poçta).