Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   16.07.2024
Gutarýar:   28.08.2024
Goýuldy:   26.07.2024

№ Т/GAZ-027 «Türkmengaz» Döwlet konserni açyk bäsleşik yglan edýär

«Türkmengaz» Döwlet konserni 2024-nji ýylyň 16-njy iýulyndan 28-nji awgustyna çenli «Türkmengaz» DK-nyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № Т/GAZ-027 açyk bäsleşik yglan edýär:

Lot № 2 – Tehnologik enjamlar

Teklipler şu salgy boýunça hödürlenilýär: Aşgabat şäheri, 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, «Türkmengaz» DK-nyň ÝGPJ-niň salgysyna:

- Bäsleşige gatnaşmak islegini beýan edýän haty (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan haýyşnamalar kabul edilmeýär) gatnaşýan tarapynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alyş ýurdu we maglumatlaryny görkezmek bilen tabşyrmak;

- Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda» kanuny, «Bäsleşik geçirmegiň düzgünleri» we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

- Lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak.

- Bäsleşige gatnaşmak üçin her lota 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary ýa-da manat görnüşinde (NDH we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) tölegiň hasabyny almak.

Hemme gerekli maglumatlary şu salgydan ýükläp almak mümkin: http://www.oilgas.gov.tm/ ýa-da ýokarda görkezilen salgydan.

Elektron poçta salgysy: turkmengaz@online.tm

Maglumat üçin telefonlar: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.

Bäsleşik teklipleri ýerli wagt bilen 2024-nji ýylyň 28-nji awgustyna çenli sagat 15:00-a çenli kabul edilýär. Bu seneden soň gelen teklipler kabul edilmez. Töleg üçin hasap hat tabşyrylanda görkeziler.

Bäsleşik teklipleri (kotirofka) möhürlenen bir sany ýapyk konwertde tabşyrylmaly we bu konwert bäsleşik yglan edilen pursatyndan kabul ediler  we oňa töleg hasaba alnandan soňra garalar. Konwertiň içinde hökmany suratda «Word» formatyndaky şertnamanyň esasy şertleri we «Excel» formatyndaky tehniki-ykdysady spesifikasiýa goşulmalydyr.

Elektron poçta salgysy: info@turkmengaz.gov.tm, odum@turkmengaz.gov.tm

«Türkmengaz» DK-nyň internet salgysy: http://www.oilgas.gov.tm/