Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   25.07.2024
Gutarýar:   04.09.2024
Goýuldy:   25.07.2024

№137 “Türkmennebit” Döwlet konserni halkara tenderi gaýtadan yglan edýär

“Türkmennebit” Döwlet konserni, Türkmenistanda nebitgaz toplumy üçin harytlary, işleri we hyzmatlary üpjün edijileri (potratçylary) bäsleşik (tender) saýlama komissiýasynyň adyndan, fiziki-himiýa usullary bilen guýularda ýataklaryň burç zolagyny bejermek arkaly nebitiň we gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin №137 halkara tenderini gaýtadan yglan edýär.

Teklipler aşakdaky salgy boýunça hödürlenilýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” Döwlet konserni:

– tenderlere gatnaşmak islegi barada arza bermek (offşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylar üçin arza kabul edilmeýär) we gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alyş ýurduny we rekwizitlerini görkezmek;

– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary bermek boýunça tenderler hakynda” kanuny,  “Tenderiň geçirilmegi barada Düzgünnamanyň” göçürmesini we tenderlere gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamaň esasy şertlerini almak;

– tenderlere gatnaşmak üçin lot başyna 1725 ABŞ dollary (NDH bilen) ýa-da manatda ekwiwalent möçberde serişdeleriň tölenilmegi üçin hasap-faktura almak mümkinçiligi döredilýär.

Ýokarda görkezilen tenderlere gyzyklanýan ähli potensial üpjün edijiler gatnaşyp bilerler. Spesifikasiýa ýa-da tehniki tabşyryk bilen tanyşmak üçin www.oilgas.gov.tm, www.turkmennebit.gov.tm internet-saýtlaryna girip bilersiňiz.

Tender teklipleri “Нейтральный Туркменистан” gazeti tarapyndan tenderler hakyndaky bildiriş resmi çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär, emma ýerli wagt bilen 30-njy iş güni sagat 16:00-dan gijä galmaly däldir.

Bellik: Görkezilen möhletden soň gelip gowuşan tekliplere seredilmez.

Pul serişdelerini geçirmegiň hasaby ýazmaça arza berilende görkeziler.

Doly tender teklibi bolan möhürli bir konwert, ýazgy mowzukly möhür bilen tassyklanyp, bildiriş çap edilen gününden başlap ýokarda görkezilen salgy boýunça eltilmelidir we oňa serişdeler hasaba geçenden soň serediler. Tender konwertinde hökmany suratda anketa, şertnamanyň esasy şertleri (Word formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (Excel formatynda) ýerleşdirilmelidir.

Maglumat üçin telefonlar: 40-39-90 (arzalar üçin faks); 40-39-93, 40-36-74, 40-30-67 (tehniki meseleler boýunça).

E-mail: fer@turkmennebit.gov.tm.