Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   23.07.2024
Gutarýar:   02.09.2024
Goýuldy:   23.07.2024

№ 101/1 “Türkmennebit” Döwlet konserni halkara açyk tenderi gaýtadan yglan edýär

“Türkmennebit” Döwlet konserni, tender komissiýasynyň adyndan № 101/1 belgili halkara açyk tenderi gaýtadan yglan edýär we aşakdaky lot boýunça satyn alyşlary geçirmegi maksat edinýär:

Lot № 5 – Himiýa önümleri we kömekçi materiallar

Size üçin aşakdaky salgy boýunça ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistanyň Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:

– Tendere gatnaşmak isleýändigiňiz baradaky arzany (ofşor zonalarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bar bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär), doly gatnaşyjynyň adyny, onuň hukuk statusyny, hasaba alyş ýurdy we bank maglumatlaryny görkezmeli;

– Türkmenistanyň “Döwlet hajatlary üçin harytlaryň üpjün edilmegine, işleriň ýerine ýetirilmegine we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegine bagyşlanan tenderler hakyndaky” kanuny, “Tenderleri geçirmegiň Düzgünnamasy” we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmaly;

– Lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamaň esasy şertlerini almaly;

– Tendere gatnaşmak üçin bökdençsiz esasda ABŞ-nyň 575 dollary (salgyt bilen) ýa-da manat bilen deň güýjünde serişde tölemek üçin hasap almaly.

Ýokarda görkezilen tendere ähli gyzyklanýan potensial üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Ähli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm elektron salgylar arkaly ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан»l gazetinde tender baradaky habaryň resmi çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt bilen 30-njy iş güni 16.00-dan gijä galman tabşyrylmalydyr.

Ýokarda görkezilen möhletden soň gelen teklipler seredilmez.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap maglumatlary ýazmaça ýüz tutma wagtynda görkeziler.

Doly tender teklibi bolan bir möhürlenen konwert, resmi habaryň çap edilen gününden başlap, ýokarda görkezilen salgy boýunça gowşurylmalydyr we pul serişdeleri hasaba geçenden soň kabul ediler. Tender konwertinde hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamaň esasy şertleri (Word formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (Excel formatynda) goşulmalydyr.

Maglumat üçin telefonlar: 40-39-24 (arza tabşyrmak üçin faks); 40-39-90, 40-39-93, 40-39-28, 40-37-85 (tehniki meseleler üçin);

Elektron poçta salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm