Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   22.07.2024
Gutarýar:   30.08.2024
Goýuldy:   22.07.2024

№ 108/1 “Türkmennebit” Döwlet konserni halkara açyk tenderi gaýtadan yglan edýär

“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan № 108/1 halkara açyk tenderi gaýtadan yglan edýär. Tender aşakdaky lot boýunça satyn alyşlary geçirmek üçin yglan edilýär:

Lot № 2 – Umumyzawod, tehnologiki we buraw enjamlary.

Teklipler aşakdaky salgy boýunça hödürlenilýär: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:

– Tendere gatnaşmaga isleg bildirýän gatnaşyjylaryň (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň arzasyna garalmaz) doly adyny, hukugy statusyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen arza bermek;

– Türkmenistanyň “Döwlet sargytlary üçin harytlary satyn almak, işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi boýunça tenderler hakyndaky” kanuny, “Tenderiň geçirilmegi barada Düzgünnamanyň” göçürmesini we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawyny öwrenmek;

– Lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– Tendere gatnaşmak üçin 575 amerikan dollary möçberinde (NDH bilen) ýa-da manatda ekwiwalent serişdeleri möçberdinde  töleg hasabyny almak.

Ýokarda görkezilen tendere ähli gyzyklanýan potensial üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Gerekli maglumatlary elektron salgylardan: www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgydan almak bolar.

Tender teklipleri “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde bu tender barada resmi bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen 16:00-dan gijä galman kabul edilýär.

Ýokarda bellenilen möhletden soň gelip gowşan tekliplere garalmaz.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza berilende görkeziler.

Möhür bilen tassyklanan doly tender teklibi bolan bir ýapyk konwert ýokarda görkezilen salgy boýunça bildiriş çap edilen gününden başlap gowşurylyp, pul serişdeleriň hasaba gelip gowuşmagy bilen garalar. Tender konwertine hökmany suratda anketa, şertnamanyň esasy şertleri (Word formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (Excel formatynda) goşulmalydyr.

Maglumat üçin telefonlar: 40-39-24 (arzalary ugratmak üçin faks); 40-39-93, 40-39-90, 40-31-17, 40-31-67, 40-31-76, 40-31-77 (tehniki soraglar üçin).

Elektron poçta salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm