Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   12.07.2024
Gutarýar:   23.08.2024
Goýuldy:   22.07.2024

№ T/GAZ-025 “Türkmengaz” Döwlet konserni açyk tender yglan edýär

“Türkmengaz” Döwlet konserni 12.07.2024 — 23.08.2024 aralygynda  “Türkmengaz” wlet konserniniň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak maksady bilen açyk tender № T/GAZ-025 yglan edýär:

Lot № 2 – Tehnologiki enjamlar

Size şu salgy boýunça ýüz tutmak teklip edilýär:: Aşgabat ş., 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK-nyň UMBS:

– Tenderde gatnaşmaga isleg bildirýän gatnaşyjylaryň (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär) doly adyny, hukugy statusyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza bermek;

– Türkmenistanyň “Döwlet sargytlary üçin harytlary satyn almak, işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi boýunça tendlerler hakyndaky” kanuny, “Tenderiň geçirilmegi barada Düzgünnamanyň” göçürmesini we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawyny öwrenmek;

– Lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– Tendere gatnaşmak üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde ýa-da manatda ekwiwalent serişdeleri (NDH we bank çykdajylaryny hasaba almazdan)möçberinde töleg hasabyny almak.

Gerekli maglumatlary almak üçin aşakdaky salgy boýunça: http://www.oilgas.gov.tm/ ýa-da ýokarda görkezilen salga ýüz tutup bilersiňiz.

Elektron poçta salgysy: turkmengaz@online.tm

Tender teklipleri ýerli wagt bilen 15:00-dan gijä galman – 23.08.2024 senä çenli kabul edilýär.

Ýokarda bellenilen möhletden soň gelip gowşan tekliplere garalmaz. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza berilende görkeziler.

Möhür bilen tassyklanan doly tender teklibi bolan bir ýapyk konwert ýokarda görkezilen salgy boýunça bildiriş çap edilen gününden başlap gowşurylmaly, oňa pul serişdeleriň hasaba gelip gowuşmagyndan soň garalar. Tender konwertine hökmany suratda anketa, şertnamanyň esasy şertleri (Word formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (Excel formatynda) goşulmalydyr.

Elektron poçta salgysy: info@turkmengaz.gov.tm, odum@turkmengaz.gov.tm

“Türkmengaz” DK-nyň internet salgysy: http://www.oilgas.gov.tm/

Maglumat üçin telefonlar: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42