Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   20.07.2024
Gutarýar:   30.08.2024
Goýuldy:   20.07.2024

№ 60/2 “Türkmennebit” Döwlet konserni halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

“Türkmennebit” Döwlet konserni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň harytlary, işleri we hyzmatlary üçin üpjün edijileri (podratçylary) saýlap almak boýunça bäsleşik toparynyň adyndan halkara bäsleşigini № 60/2, Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň sanly tehnologiýalar esasynda awtomatlaşdyrylan maglumatlar binýadyny döretmek we awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslama tekliplerini işläp düzmek we ähli işleriň toplumy boýunça halkara sleşigini gaýtadan yglan edýär.

Size şu salgy boýunça ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” Döwlet konserni:

– bäsleşige gatnaşmak islegini bildirýän arza (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär) we gatnaşmak isleýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we rekwizitleri bilen;

– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary ibermek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” kanuny, “Bäsleşikleri geçirmek düzgünleriniň” göçürmesi we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– bäsleşige gatnaşanyňda lot üçin 1725 ABŞ dollary (BSDS bilen) ýa-da manatda ekwiwalent tölegiň hasabyny mugt almak.

Ýokarda agzalan bäsleşige gyzyklanýan ähli üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Spesifikasiýa ýa-da tehniki tabşyryk bilen www.oilgas.gov.tm, turkmennebit.gov.tm internet saýtlarynda tanyşyp bilersiňiz.

Bäsleşik teklipleri “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde bu bäsleşik baradaky bildirişiň resmi çap edilen gününden 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, emma ýerli wagt bilen sagat 16:00-dan gijä galman 30-njy iş güni kabul edilýär.

Ýokarda görkezilen möhletden soň gowşan teklipler gözden geçirilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap maglumatlary ýazmaça arza berilende görkeziler.

Möhürlenilen doly bäsleşik teklibi bolan konwert, bildiriş çap edilen gününden başlap, ýokarda görkezilen salgy boýunça gowşurylmaly we ol serişdeler hasaba geçenden soň kabul ediler. Bäsleşik konwertine hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň (Word formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýanyň (Excel formatynda) elektron nusgasy goşulmalydyr.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-27, 40-39-90 (arzalary tabşyrmak üçin faks); 40-39-93 (tehniki meseleler üçin), 40-36-21, 40-33-02

fer@turkmennebit.gov.tm (e-mail salgy).