Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   19.07.2024
Gutarýar:   15.08.2024
Goýuldy:   19.07.2024

№ 58/4 "Türkmennebit" Döwlet konserni açyk bäsleşik boýunça teklipleri tabşyrmagyň möhletini uzaldýar

"Türkmennebit" Döwlet konserni bäsleşik toparynyň adyndan açyk bäsleşik boýunça teklipleri tabşyrmagyň möhletini 15.08.2024-e çenli uzaldýar.

Size şu salgy boýunça ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, "Türkmennebit" Döwlet konserni:

– bäsleşige gatnaşmak islegiňiz barada arza bermek (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär), gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we maglumatlaryny görkezmek;

– Türkmenistanyň "Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi barada bäsleşikler hakynda" kanuny, "Bäsleşik geçirmek düzgünleriniň" göçürmesi we bäsleşige gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– ABŞ-nyň 575 dollary (salgyt bilen) ýa-da manatda deň ekwiwalenti möçberinde bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli serişdeleriň hasabyna töleg fakturasyny almak.

Ähli zerur maglumatlary şu elektron salgylardan: www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Ýokarda görkezilen bäsleşige ähli gyzyklanýan potensial üpjün edijiler gatnaşyp bilerler. Bäsleşige teklipler "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde bu bäsleşigiň habarynyň resmi çap edilen gününden başlap kabul edilýär. Bäsleşik tekliplerini tabşyrmak möhletleri barada has giňişleýin maglumatlary şu elektron salgylardan alyp bilersiňiz: www.turkmennebit.gov.tm we www.oilgas.gov.tm

Bellenen möhletden soň gelip gowşan teklipler seredilmez. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza bereniňizde görkeziler. Doly tender teklibi (nyrhnama) bar bolan we möhür bilen tassyk edilen  ýapyk konwert görkezilen salgy boýunça tender yglan edilen pursatyndan başlap gowşurylyp bilinýär we hasaba alnan pul serişdeleri hasaba geçenden soň kabul edilýär. Bäsleşige tabşyrylan bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (Word formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýasy (Excel formatynda) goşulmaly.

Maglumat üçin telefon belgileri: 40-39-27, 40-39-90 (arzalary tabşyrmak üçin faks); 40-39-93, 40-31-12, 40-39-77, 40-39-60 (tehniki meseleler üçin); fer@turkmennebit.gov.tm (elektron poçta).