Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   16.07.2024
Gutarýar:   16.08.2024
Goýuldy:   17.07.2024

№ T/GAZ-024 «Türkmengaz» Döwlet konserni açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» Döwlet konserni 2024-nji ýylyň 5-nji iýulyndan 2024-nji ýylyň 16-njy awgustyna çenli «Türkmengaz» Döwlet konserniniň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça AÇYK TENDERI № T/GAZ-024 yglan edýär.

Lot № 2 – Tehnologiki enjamlar;

Lot № 3 – Elektrotehniki enjamlar we ölçeg gurallary.

Size şu salgy boýunça ýüz tutmak teklip edilýär: Aşgabat ş., 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, «Türkmengaz» DK-nyň UMBS:

– Tenderde gatnaşmaga isleg bildirýänleriň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça arza bermek (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bar bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär);

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi boýunça tenderler hakynda» kanuny, «Tenderiň geçirilmeginiň düzgünleri» we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– Lotlaryň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– Tendere gatnaşmak üçin her lota 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary ýa-da manatda ekwiwalenti (NDH we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) möçberinde töleg resminamasyny almak.

Gerekli maglumatlary şu salgy boýunça: http://www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.

Elektron poçta salgysy: turkmengaz@online.tm Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.

Tender teklipleri ýerli wagt bilen 2024-nji ýylyň 16-njy awgustyna sagat 15.00-e çenli kabul edilýär. Görkezilen möhletden soň gowşurylan teklipler kabul edilmeýär. Töleg resminamasy ýazmaça arza berlen wagtynda görkeziler.

Doly tender teklibi (nyrhnama) bar bolan we möhür bilen tassyk edilen  ýapyk konwert görkezilen salgy boýunça tender yglan edilen pursatyndan başlap gowşurylyp bilinýär we hasaba alnan pul serişdeleri hasaba geçenden soň kabul edilýär. Tender konwertinde hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri («Word» formatda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýasy («Excel» formatda) bolmalydyr.

Elektron poçta salgysy: info@turkmengaz.gov.tm, odum@turkmengaz.gov.tm

 «Türkmengaz» DK-nyň internet salgysy: http://www.oilgas.gov.tm