Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   16.07.2024
Gutarýar:   14.08.2024
Goýuldy:   16.07.2024

"Türkmengaz" Döwlet konserni halkara bäsleşigi yglan edýär

"Türkmengaz" Döwlet konserni bäsleşik komissiýasynyň adyndan "Türkmengaz" DK-nyň desgalarynyň perimetrini inženerçilik we tehniki gorag serişdeleri bilen enjamlaşdyrmak boýunça potratçyny saýlap almak üçin halkara bäsleşigini yglan edýär.

Aşakdaky salgydan ýüz tutup bilersiňiz: Türkmenistanyň Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, "Türkmengaz" Döwlet konserni, Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi, 17.24a otag:

- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänligiňiz hakyndaky ýazmaça ýüzlenmäňizi tabşyryň (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň ýüzlenmeleri kabul edilmeýär) we oňa gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny, bank maglumatlaryny hem-de kompaniýanyň işjeňligi baradaky maglumatlary (esasy iş ugurlary, şuňa meňzeş taslamalarda iş tejribesi we ş.m.) goşuň;

- Türkmenistanyň "Döwlet üpjünçiligi üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakyndaky" kanuny bilen tanyşyň;

- 1725 ABŞ dollary ýa-da şol mukdarda manat (şertnama goşulan tölegleri bilen bile) möçberinde töleg hasap-fakturasyny alyň.

Bäsleşik teklipleri "Neutralnyý Türkmenistan" gazetinde bäsleşigiň resmi bildirişi çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda, ýöne ýerli wagt bilen 16:00-dan gijä galman, ýapyk konwertde kabul edilýär.

Ýokarda görkezilen möhletden soň gelip gowuşan teklipler kabul edilmeýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar ýokarda görkezilen salga tabşyrylmalydyr.

Bellik: Bäsleşik resminamalarynyň doly toplumy diňe bäsleşik tölegi tölenenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40, 40-32-50; faks: (+99312) 40-32-59.