Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   15.07.2024
Gutarýar:   23.08.2024
Goýuldy:   15.07.2024

№ 110/2 "Türkmennebit" Döwlet konserni halkara açyk tenderi gaýtadan yglan edýär

"Türkmennebit" Döwlet konserni tender komissiýasynyň adyndan № 110/2 halkara açyk tenderi gaýtadan yglan edýär. Tender aşakdaky lot boýunça satyn alşy öz içine alýar:

Lot № 4 – Awtotransport, traktor, ýöriteleşdirilen tehnika, enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary.

Siziň üçin hödürlenýär: Türkmenistanyň, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, "Türkmennebit" DK:

– tendere gatnaşmak islegini bildirmek üçin ýüz tutmak (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň ýüz tutmalary kabul edilmeýär), gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alyş ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek;

– Türkmenistanyň "Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmek, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi boýunça tenderler hakynda" kanuny, "Tenderiň geçirilmeginiň düzgünleri" we tendere gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– tendere gatnaşmak üçin her lota 575 amerikan dollary (şol sanda salgytlar) ýa-da manatda ekwiwalent serişde möçberinde töleg tölemek üçin hasap-faktura almak.

Ýokarda görkezilen tendere  ähli gyzyklanýan potensial üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Gerekli ähli maglumatlary aşakdaky elektron salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz: www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Tender teklipleri "Нейтральный Туркменистан" gazetinde bu tenderiň bildirişiniň resmi çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär, emma ýerli wagt bilen 16:00-dan gijä galman 30-njy iş güni.

Ýokarda görkezilen möhletden soň gelen teklipler seredilmez.

Pul serişdeleriniň geçirilmegi üçin hasap-faktura ýazmaça ýüz tutma wagtynda görkeziler.

Tender teklipleriniň doly bir bukjasyny möhürlenen görnüşde görkezilen salga eltmeli we hasaba alyş pul serişdeleriň hasaba düşmeginden soň kabul edilýär. Tender bukjasynyň içine hökmany suratda anketanyň elektron görnüşini, şertnamanyň esasy şertlerini (Word formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýany (Excel formatynda) goýmak gerek.

Maglumat üçin telefonlar: 40-39-39 (ýüz tutmalar üçin faks); 40-39-90, 40-39-93, 40-31-06, 40-39-83 (tehniki soraglar üçin).

fer@turkmennebit.gov.tm (elektron poçta).