Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   12.07.2024
Gutarýar:   31.07.2024
Goýuldy:   12.07.2024

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni halkara tender möhletiniň uzaldylýandygyny habar berýär

 «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tender toparynyň adyndan «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2024-nji ýylyň 1-nji aprelindäki 81-nji sanynda çap edilen halkara tenderiň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berýär. «Guwlyduz» kärhanasynyň zerurlyklary üçin aşakdaky lotlar boýunça:

- Lot № 2 – Umumy zawod, tehnologiki enjamlar

- Lot № 3 – Elektrik enjamlary

- Lot № 5 – Himiýa önümleri

Tendere gatnaşmak üçin:

1. Bäsleşige gatnaşmak islegi bolan gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmak. Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.

2. Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlaryň üpjünçiligi, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi baradaky» kanuny we  «Türkmenhimiýa» döwlet konserni üçin material-tehniki harytlaryň üpjünçiligi boýunça halkara tenderiň düzgünleri bilen tanyşmak.

3. Lotlaryň häsiýetnamasyny we tehniki talaplaryny almak.

4. Her bir lota gatnaşmak üçin 500 ABŞ dollary (GBS we bank harajatlary hasaba alynmazdan) tölemek we tender resminamalarynyň bukjasyny almak.

Arza tabşyrmagyň salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 132, Türkmenistanyň Senagat toplumy, 4-nji gat, 424-nji otag, «Türkmenhimiýa»  döwlet konserni material-tehniki üpjünçilik bölümi.

Tender tekliplerini tabşyrmagyň iň soňky möhleti – tenderiň çap edilen gününden başlap 20 iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýerli wagt bilen 16:00-a çenli 20-nji iş güni.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär we seredilmeýär.

Tender teklip bukjalary Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 132, 4-nji gat, 424-nji otag, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni material-tehniki üpjünçilik bölümi salgysyna tabşyrylmalydyr. Tender teklibi iki sany möhürlenen bukjada bolmalydyr: birinji bukjada – tehniki teklipler, tehniki häsiýetnamalar we şertler, ikinji bukjada – kommersial teklip we şertler. Tender bukjasyna hökmany suratda ähli resminamalaryň skanirlenen PDF görnüşi we Excel görnüşinde spesifikasiýa goşulmalydyr.

Ähli zerur maglumatlary www.turkmenhimiya.gov.tm salgysyndan ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-01-66/22.