Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   10.07.2024
Gutarýar:   20.08.2024
Goýuldy:   10.07.2024

№ 136/1 “Türkmennebit” Döwlet konserni halkara açyk tenderi yglan edýär

“Türkmennebit” döwlet konserni Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri (podraýatçylary) tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan № 136/1 belgili halkara açyk tenderi yglan edýär.

Lot № 3 – Elektrik tehniki, geofiziki gözegçilik we ölçeg enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we gurluşyk materiallary

Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça:

– bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we bank rekwizitlerini görkezmek bilen arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);

– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlaryň üpjünçiligi, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi boýunça bäsleşikler hakynda” Kanuny we “Bäsleşikleri geçirmek düzgünleri” bilen tanyşmaly we bäsleşige gatnaşmak üçin zerur resminamalar sanawyny almaly;

– lotuň häsiýetnamasy, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

– her lot üçin gatnaşmak üçin 1725 ABŞ dollary (GBS bilen) ýa-da manatdaky ekwiwalentini tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Ýokarda görkezilen tenderde gyzyklanma bildirýän ähli mümkinçilikli üpjün edijiler (potensial üpjün edijiler) gatnaşyp bilerler.

Ähli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Tender teklipleri “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli, 30-njy iş güni.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär.

Bir möhürlenen konwertde doly tender teklibi (maslahat) ýokarda görkezilen salgya tabşyrylmalydyr we pul serişdeleri hasaba geçirilenden soň seljeriler. Tender konwertine hökmany suratda anketa, şertnamanyň esasy şertleri (Word formatynda) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel formatynda) goşulmalydyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-39-24, 40-39-90 (arza tabşyrmak üçin faks); 40-39-93, 40-35-11, 40-35-58 (tehniki meseleler üçin).

Elektron poçta salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm.