Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   09.07.2024
Gutarýar:   07.08.2024
Goýuldy:   09.07.2024

«Türkmengaz» Döwlet konserni halkara tenderi yglan edýär

«Türkmengaz» Döwlet konserni tender toparynyň adyndan «Galkynyş» ýatagyndaky bar bolan desgalara goşmaça 14 guýyny birikdirmek üçin ähli görnüşli ýerüsti işleriň taslamasyny düzmek we "taýýar" etmek boýunça potratçyny saýlamak üçin halkara tender yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, Döwlet konserni «Türkmengaz», Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi, 17.24a otag salgysy boýunça:

– bäsleşige gatnaşmak islegi barada, gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny, bank rekwizitlerini we işiniň görnüşleri (esaslaýyn iş ugurlary, meňzeş taslamalarda tejribe we ş.m.) görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlaryň üpjünçiligi, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi boýunça bäsleşikler hakynda» Kanuny bilen tanyşmaly;

– 1725 ABŞ dollary möçberinde ýa-da GBS bilen manatdaky ekwiwalent tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Tender teklipleri “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli, 30-njy iş güni.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär.

Tender teklip bukjalary ýokarda görkezilen salga tabşyrylmalydyr.

Bellik: doly tender resminamalarynyň bukjasy diňe tender tölegi tölenenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 40-32-40, 40-32-50; faks: (+99312) 40-32-59.