Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   26.01.2024
Gutarýar:   11.03.2024
Goýuldy:   26.01.2024

№T/GAZ-004 “Türkmengaz” DK maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmengaz” döwlet konserni maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №T/GAZ-004 açyk tender yglan edýär

Lot №1 – Turbalar we metal önümler

Lot №3 – Elektrotehniki enjamlar, ölçeg abzallary

Lot №4 – Awtotraktor tehnikasy (ätiýaçlyk şaýlar)

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Zerur maglumatlary şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler 11.03.2024 ýerli wagt bilen sagat 12.00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 40-37-39, +993 12 40-37-40

+993 12 40-37-41, +993 12 40-37-42

Faks:

+993 12 40-37-45

Elektron salgysy:

turkmengaz@online.tm

odum@turkmengaz.gov.tm

Göçürmesini gkukpo@gmail.com salga iberiň

 Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56