Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Şagadam» futbol kluby

“Şagadam” futbol kluby 1949-njy ýylda Türkmenbaşy (öňki Krasnowodsk) şäherinde ýerleşýän  nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan esaslandyryldy. Klub irki döwürde ýaryşlara “Neftýanik” hem-de 1992-1993-nji ýyllarda “Hazar” atlary bilen gatnaşdy. 1993-nji ýylyň awgust aýyndan başlap häzirki wagta çenli Türkmenistanyň çägindäki we halkara ýaryşlara “Şagadam” ady bilen gatnaşýar.

TNGIZT-niň “Şagadam” futbol kluby Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň “Şagadam” stadionynda ýerleşýär. Öýdäki oýunlaryny “Şagadam” stadionynda kabul edýär.

TNGIZT-niň “Şagadam” futbol klubynda ýaşlardan we ýetginjeklerden ybarat 10 futbol topary bar.

2017-nji ýylda TNGIZT-niň “Şagadam” futbol klubyna Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Annamyradow Seýdullamyrat Gulanmyradowiç, Klimenko Aleksandr Ýewgenýewiç we Kurbanmamedow Rahim Muhamedowiç dagylaryň gelmegi bilen, klubda uly özgertmeler boldy. Topar 2017-nji ýyldan şu güne çenli her ýylky Türkmenistanyň çempionatynda we Kubok ýaryşlarynda hormatly baýraklaryň eýesi boldy.

TNGIZT-nyň “Şagadam” futbol klubynyň alan hormatly baýraklarynyň  sanawy:

  •  “Neftýanik” ady bilen çykyş eden döwründe (1949-1991ý.ý.) 7 gezek Çempion we 5 gezek Kubogyň eýesi bolmagy başardy.

“Şagadam” futbol kluby ady bilen çykyş edip başlandan soňra:

  • Türkmenistanyň Çempiony: 2002;
  • Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi: 2007; 2021.
  • Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynyň finalçysy: 2002, 2015, 2017;
  • Türkmenistanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi: 2003, 2014, 2017, 2019.

TNGIZT-nyň “Şagadam” futbol kluby Türkmenistanyň taryhynda welaýatlardan ilkinji bolup, ýagny 2002-nji ýylda Ismailow Kudrat Rahimowiçiň bäş tälimçiliginde Türkmenistanyň çempiony adyna mynasyp bolan futbol toparydyr.

TNGIZT-nyň “Şagadam” futbol klubynyň düzüminde çykyş edip, Türkmenistanyň Ýokary ligasy ýaryşynyň netijesi boýunça “Türkmenistanyň iň netijeli hüjümçisi” adyna mynasyp bolan futbolçylaryň sanawy:

  • 2002-nji ýyl: Sadykow Rustam (20 gol);
  • 2012-nji ýyl: Boliýan Aleksandr (23 gol);
  • 2014-nji ýyl: Karadanow Mämmedaly (28 gol).

 

Adres: 745005 Türkmenistan, Balkan welaýaty, ş. Türkmenbaşy, D.Azady köçesiniň "Şagadam" stadiony.

Теl: (+993 243) 2-35-62.

Faks: (+993 243) 5-17-22.

E-mail: shagadamfk@mail.ru