
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebiniň tutýan umumy meýdany — 27492,2 m2 barabardyr. Häzirki wagtda mekdebimiziň işgärler düzümi 47 adamdan ybarat bolup, olardan 5-si administratiw, 12-si dolandyryjy, 30-sy bolsa täze okuw ýylynda şertnama esasynda mugallym wezipesinde zähmet çekýärler.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň garamagyndaky başlangyç hünär bilim maksatnamasyny amala aşyrýan hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet başlangyç hünär okuw mekdebidir.
TNGIZT-niň hünär-tehniki okuw mekdebi hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler, şeýle-de iňlis, rus, türkmen dillerine terjime işleri we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýa-da onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, şeýle hem raýatlaryň öz maliýe serişdeleriniň hasabyna şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebi 2024-2025-nji täze okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul etmekligi göz öňünde tutýar:
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwlaryň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli esasda alnyp barylýar.
Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebinde 6 (alty) okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.
Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurumlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
Alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünar derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.
TNGIZT-niň hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy:
Türkmenbaşy ş. Asudalyk köçesiniň 40-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin:
Tel: +993 (243) 5-87-54, +99364852204
E-mail: htom@tngizt.gov.tm