Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň "Zergär" şahamçasynyň okuw merkezi

Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň "Zergär" şahamçasynyň okuw merkezi 2014-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. 2016-njy ýylda bu şahamçanyň täze binasynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 318-nji maddasyna laýyklykda Iş beriji zähmet ýa-da köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) kesgitlenilen şertlerde we tertipde işgärleriň hünär taýýarlygy, onuň ýokarlandyrylmagy geçirilýär.

Işgärleriň hünär taýýarlygy we hünäriniň ýokarlandyrylmagy Türkmenabat nebit kärhanasynyň "Zergär" şahamçasynyň okuw merkezinde, şeýle hem gös-göni edaranyň tabynlygyndaky kärhanalarda amala aşyrylýar.

Okuw merkezinde hünärmenleri taýýarlamagyň ähli görnüşleri, zerur hünärleriň sanawy “Türkmennebitönümleri” Baş müdirligi tarapyndan kesgitlenilýär.

Hünärlerini hemişe ýokarlandyrmak “Türkmennebitönümleri” Baş müdirligine degişli kärhanalarda işleýän her bir adamyň  borjy bolup durýar. Olaryň okuwy geçendigi baradaky maglumatlar düzüm birlikleriniň, sehleriň her bir ýolbaşçysy tarapyndan işgärleriň şol ýyldaky okuw meýilnamalaryna laýyklykda hasabatlarynda görkezilýär.

Okuw merkezi geçirilen okuw söhbetdeşlikleriniň netijeleri boýunça hünär synagyny geçirýär, okuwy geçenden soňra berilýän kepilnama (şahadatnama) işgäriň hünär derejesini tassyklaýan esasy resminama bolup durýar. Işgäriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw geçendigi hakyndaky maglumatlar kärhananyň işgärler bölümi tarapyndan we Okuw merkezinde hasaba alynýar.

Işgärleriň üznüksiz okuwyny meýilnamalaýyn esasda alyp barmak önümçiligiň hakyky ýagdaýyndan, tehnologik düzgünleriň enjamlaşdyrylyşyndan, nebit kärhanalaryň enjamlarynyň tehniki we moral taýdan laýyk gelşinden ugur alnyp işlenip taýýarlanan usulyýet materiallarynyň esasynda Okuw merkezi tarapyndan amala aşyrylýar.

Gündelik we geljekki meýilnamalar sebiti, Türkmenistany nebit önümler bilen üpjün edýän kärhanalary ösdürmegiň, şeýle hem täze tehnikalary we tehnalogiýalary ornaşdyrmagyň usullaryny öwrenmegiň esasynda düzülýär.

Taýýarlyk iki toparda: Okuw synpynda we önümçilik ornunda gös-göni Türkmenabat nebit kärhanasynyň "Zergär" şahamçasynda ýa-da awtomobillere ýangyç guýujy beketlerde alnyp barylýar. Tejribe sapaklaryny ussatlyga ýeten, bu kärde ýokary hünär derejesine eýe bolan işçiler alyp barýarlar. Okatmak Türkmenabat nebit kärhanasynyň başlygy tarapyndan tassyklanan meýilnama boýunça 15-16 gün möhlet bilen geçirilýär. Garyşyk hünärleri özleşdirmek ýa-da işgärleri gaýtadan taýýarlamak hünärleriň, kärleriň meňzeşligini hasaba almak bilen has gysga möhletlerde (bir hepdeden iki hepdä çenli) geçirilip bilner. Sagatlaryň sany işgärleriň hünärine we kärine laýyklykda üýtgeýär.

Okuw merkezine welaýatlaryň etraplaryndan gelip okaýan işgärler okuw merkeziniň myhmanhanasynda ýerleşdirilýär.