Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
"Nebitgazylmytaslama" instituty

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” instituty 1949-njy ýylda esaslandyrylan, ýurdumyzyň baýry ylmy merkezleriniň biridir. Institut nebit we gaz senagatynyň ylmy-barlag we taslama toplumy edarasy bolup, onuň esasy wezipesi – nebit we gaz senagatynyň geljekdäki ösüşiniň ylmy üpjünçiligi.

Institutyň alymlarynyň we hünärmenleriniň gönüden-göni gatnaşmagynda Günbatar Türkmenistanyň hemme nebitgaz känleri açyldy, abadanlaşdyryldy we ulanyşa girizildi. Olaryň baý tejribesi, ýokary ylmy-tehniki potensialy we hünär derejeleri pudagyň onümçilik işlerinde döreýän has çylşyrymly meselelerine netijeli çözmekligi üpjün edýär.

Institut döredilenden bäri – 75 ýyllyň dowamynda onlarça kandidat we doktor derejeli alymlar taýýarlandy, olar nebitgaz pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşdular. Ylmy-barlag işleriniň 2300-den gowrak, känleri tehnologiki desgalaşdyrmak, guýy gurluşyk boýunça 1000-den gowrak taslamalary ýerine ýetirildi, 200-den gowrak oýlap tapyş döredildi, 2500-den gowrak ylmy makalalar, 33 sany ylmy işleriň ýygyndylar kitaby çap edildi. Institutyň alymlary Halkara konferensiýalara, sergilere gatnaşýarlar. Ylmy işleriň awtorlary döwlet sylaglaryna mynasyp boldylar, alymlaryň biri bolsa - Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara laureaty abraýly sylagyna mynasyp boldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” instituty nebitgaz ulgamynyň umumy dünýä hereketine goşulmagy we ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň ýokary derejesine ykrar edilmegi bilen 1997-nji ýylda «Altyn ýyldyz» hil we kämillik Halkara baýragy gowşuryldy.

Institut tarapyndan ýerine ýetirilýän esasy we wajyp işler şulardan ybarat:

- Günbatar Türkmen çöketliginde we Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde çylşyrymly we adatdan daşary kyn dag-geologik şertli kesimlerde, gözleg-barlag işleriniň, çuň guýulary burawlamagyň taslamalaryny düzmek;

- çuň guýularyň gurluşyk wagty ylmy-inženerçilik gözegçiligi alyp barmak bilen, olaryň tehniki-tehnologiki meselelerini çözmek we buraw erginleriniň oňaýly düzümini saýlamak;

- täze nebitgaz känlerini we ýataklaryny işläp geçmekligiň taslamalaryny, tehnologiki shemalaryny düzmek hem-de önümli gatlaklaryň ulanylyşynyň häzirki wagtky seljermesini geçirmek;

- nebitgaz gorlaryny hasaplamak we olaryň balansyny düzmek;

- “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýyllyk gözleg-barlag buraw işleriniň meýilnamasy üçin ylmy teklip bermek bilen geologiýa-barlag işleriniň geçirilişini we netijeliligini hemişelik seljermek;

- guýulary ulanmakda we ýerasty abatlamakda, çylşyrymly önümçilik işlerine, institutyň tehniki işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmaklyga gatnaşmak.

- pes temperaturaly separirleýji we gaz gysyjy desgalaryň rejeli düzgünini saklamak maksady bilen, olaryň işini seljermek we sazlamak;

- känlerde nebit we gazy ýygnamak, taýýarlamak we daşamak proseslerine gönüden-göni gatnaşmak;

- dag jynslarynyň, nebitiň, gazyň we gatlak suwlarynyň nusgalyklaryny laboratoriýa şertlerinde barlag işlerini geçirmek;

- tebigaty goraýyş resminamalary işläp düzmek;

- nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda maddy-tehniki we zähmet kadalaryny, inžener-tehniki işgärleriň we işçileriň kada sanyny işläp taýýarlamak;

- Türkmenistanyň çäklerinde nebit we gaz känlerini desgalaşdyrmagyň, elektrik üpjünçilik desgalaryň, awtoulag ýollarynyň we turbogeçirijiler ulgamynyň we kommunikasiýalarynyň, raýat gurluşygyň, şäherleriň we ilatly punktlaryň gaz we suw üpjünçiligiň, şeýle-de beýleki wajyp çäk işleri taslamak.

Uglewodorod gorlaryny artdyrmak maksady bilen täze gurluşlardan we öňki açylan känlerde nebite we gaza geologiýa-gözleg işleriniň ugurlaryny kesgitlemek boýunça ylmy-barlaglary alyp barmak. Nebit  we gaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça ylmy taýdan teklipleri taýýarlamak.

Adres: 745100  Balkan welaýat,Balkanabat şäheri,Magtymguly şaýoly 40-njy jaý

Telefon: +993(222) 6-39-73

Email: ngyti@turkmennebit.gov.tm

 

 



Edaralar