Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
"Nebitgazçykaryş" tresti

"Nebitgazçykaryş" tresti

“Türkmennebit” döwlet konserniniň 2017-nji ýylyň iýul aýynyň 31-ne 179/ö belgili buýruguna laýyklykda döredilip, Türkmenistanyň çäklerinde nebitli we gazly ýataklary önümçilik taýdan özleşdirýän, nebiti, gazy, gaz kondensatyny çykarmagy, toplap-ýygnamagy, çig nebiti gazyp almak, tebigy we ugurdaş gazy gazyp almak, nebiti, gazy we gaz kondensatyny çykarmak, taýarlamak  we sarp edijilere ugratmagy hem-de munuň bilen bagly gurluşyk-gurnama işlerini we beýleki hyzmatlaryny amala aşyrýan,öz-özüni maliýeleşdirmek we doly hojalyk hasaplaşyk esasasynda  hereket edýän,öz işi bilen baglanşykly hukuklardan peýdalanýan we borçlaryny ýerine ýetirýän özbaşdak balansly,ýuridiki tarapyň hukuguna eýe bolan Döwlet kärhanasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministirliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirliginde 2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň 30-na  № 26374709 şahadatnama esasynda gaýtadan hasaba alnan “Türkmennebit” konserni Trestiň Esaslandyryjysy bolup  (mundan beýläk “Esaslandyrjy diýip atlandyrylan)  çykyş edýär.

“Nebitgazçykaryş” trestiniň we  garamagynda edara-kärhanalaryň alyp barýan işleriniň görnüşleri  hem-de şeýle hyzmatlary amala aşyrýar:

  • Çig nebiti gazyp almak;
  • Tebigy we ugurdaş gazy  gazyp almak;
  • Çig nebiti we tebigy gazy gazyp almak bilen bagly beýleki hyzmatlar;
  • Nebiti gazy we gaz kondensatyny çykarmak, taýýarlamak we sarp edijilere ýerlemek;
  • Nebiti, tebigy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak boýunça Döwlet maksatnamalarynyň durumuşa geçirilmegini üpjün etmek;
  • Nebitgaz ýataklaryny işläp geçmek, özleşdirmek we abadanlaşdyrmak;
  • Nebiti, tebigy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmagyň ulgamyny netijeli we ösdürmek boýunça ykdysady hem-de önümçilik-tehniki ösüşiniň şertlerni döretmek, has ýokary  önümçilik-ykdysady netijeleri gazanmak, uglewodorod serişdelerini rejeli peýdalanmak;
  • Täze özleşdirilýän  sebitlerde ýataklary ulanmak,önümçilik,üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, nebiti çykarmak, taýýarlamak we daşamak boýunça ylymyň we tehnikanyň gazananlaryny hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän inowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak we durmuşa geçirmek;
  • Nebitiň gazyň ýitgisini has-da azaltmak,ýangyjy,elektrik energiýasyny,tehnikalary,gurallary we enjamlary tygşytly hem-de rejeli peýdalanmak baradaky çäreleri işläp taýýarlaýar we durmuşy geçirilýär;
  • Gatlak suwlaryny kesgitlenilýän ýerlere daşamak,guýmak we dökmek işlerini,hyzmatlaryny gurýar;
  • Gaz gysyjy desgalarda gazy toplamak,akdyrmak we gysmak(basyşyny ýokarlandyrmak) işlerini guraýar;
  • Kislorod öndürmek işini alyp barýar;
  • Ulag we ýörite tehnikalar bilen hyzmaty ýerine ýetirýär;
  • Gurluşyk-gurnama işlerini guraýar;
  • Önümçilik,ýaşaýyş we durmuş-medeniähmiýetli desgalaryň düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirýär;
  • Gurşuşyk materiallaryny gazyp almagy we öndürmegi ýola goýýar;
  • Önümçilige abatlaýyş ugrunda täze tehnologiýalary,awtomatizasiýa serişdelerini ornaşdyrýar;
  • Önümçilik ösüşiniň toplumlaýyn mehanizimleşdiriş we awtomatizirleýiş ugrunda awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça çäreleri geçirýär;
  • Maýa goýum maksatnamalaryny işlap taýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek;
  • Trestiň garamagyndaky kärhanalaryň we düzüm birlikleriniň maliýe ýagdaýyny gowlandyrmak,girdeýjini (peýdany) artdyrmagy üpjün etmek we düşewüntliligi ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirýär;

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazçykaryş” tresti Türkmenistanyň Prezeidentiniň “Türkmenistanda 2019-2025 ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” kararyna esaslanyp nebit-gaz pudagynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça işleri yzygiderli geçirýär we nebit-gaz pudagyndakyönümçiliginde täze inowasion tehnologiýalar bilen has ýokary netijeleri görkezmegi meýilleşdirýär.

 

Balkan welaýaty Balkanabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 149-njy ýaşaýyş jaý toplumy, 49-njy jaý

Tel: +993(222)3-16-40

e-poçta:ngct@turkmennebit.gov.tm