Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Maddy-enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş müdirligi

Maddy-enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş müdirligi

Müdirligiň esasy wezipesi gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalary edaralaryň sargytlary esasynda maddy serişdeler bilen üpjün etmek, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynyň nebit we gaz çykarmakda amala aşyrýan işlerine üpjünçilik taýdan ýardam etmek, nebit we gaz guýularynda alnyp barylýan gurluşyklarda ylalaşylan baha esasynda hyzmaty ýola goýmak we önümçilik serişdeleriniň ulanylyş derejesini we işleri guramakda ýokary hilliligi kadalaşdyrmak bolup durýar.

Müdirliginiň esasy iş görnüşleri:

  • Beýleki maşynlary we enjamlary lomaý satmak;
  • Himiki önümleriň lomaý söwdasy;
  • Himiki maddalaryň we himiki önümleriň lomaý söwdasy (getirilýän ozon zaýalaýjy maddalary hem goşmak bilen);
  • Pestisidleriň we beýleki agrohimiki önümleriň lomaý söwdasy (getirýän pestisidleri we beýleki agrohimiki maddalary hem goşmak bilen);
  • Gara we reňkli metallaryň gallndylaryny we döwük- ýenjigini lomaý satmak;
  • Agaç materiallaryny, gurluşyk materiallary we sanitar-tehniki enjamlary lomaý satmak;
  • Agaç materiallaryny lomaý satmak;
  • Pol örtgülerini, oboýlary lomaý satmak;
  • Beýleki gurluşyk materiallaryny we sanitar-tehniki enjamlaryny lomaý satmak;
  • Ownuk şaýlary, suw geçiriji we ýyladyş enjamlaryny lomaý satmak;
  • Kompýuterleri we telekommunikasion enjamlary lomaý satmak;
  • Ofis mebellerini lomaý satmak;
  • Ofis maşynlaryny we enjamlaryny lomaý satmak;
  • Egin-eşikleriň we aýakgaplaryň lomaý satuw söwdasy;
  • Ýük awtoulag ulaglarynyň işi;
  • Ammarlarda ýükleri saklamak;
  • Gümrük ammarynyň işi;
  • Wagtlaýyn saklanylýan ammaryň işi.

Esaslandyryjynyň kärhanalarynyň enjamlar bilen üpjünçiligini maksada laýyk amala aşyrmak üçin maddy-tehniki üpjünçilik babatda ýörite meýilnamalaşdyryş işleri taýýarlaýar.

Gerekli enjamlaryň we serişdeleriň talap edilýän maglumatlaryny hereket edýän tertibe görä taýýarlap, «Türkmennebit» döwlet konsernine ýollaýar.

Merkezleşdirilen we ätiýaçlyk gorundan gelip gowşan maddy-tehniki serişdeleriň oňat hilli saklanmagyny üpjün edýär. Ammar hojalygynda alynýan harytlaryň we serişdeleriň kabul ediş işini gurnaýar.

Müdirligiň öndürýän önümleriniň, ýerine ýetirýän işleriniň, hyzmatlarynyň nyrhlaryny (döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän nyrhlar muňa girmeýär) Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga, Nyrh emele getirmek hakyndaky düzgünnama we beýleki kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda bellenen tertipde özbaşdak kesgitleýär.

Hödürlenen resminamalara we buýurma maglumatlaryna laýyklykda gurluşyk ulgamlaryny taýýarlaýar, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynda, medeni, oba-hojalyk desgalarynda gerek bolan enjamlaryň, armatur simleriniň, kabel we ölçeýji enjamlaryň zerur mukdaryny toplaýar. Maýa goýum meýilnamasyna laýyklykda gurluşyklaryň tertibine görä üpjünçiligi amala aşyrýar.

Esaslandyryjynyň gurluşyk desgalaryna we önümçilik uçastoklaryna maddy-tehniki serişdeleriniň gelip gowuşmagyny merkezleşdirilen tertipde amala aşyrýar.

Esaslandyryjy bilen ylalaşyk esasynda maddy-tehniki serişdeleriň daşary ýurtdan getirilmegi üçin daşary ykdysady guramalar we halkara hyzmatdaşlar bilen teklipleri işläp taýýarlaýar.

Esaslandyryjy bilen ylalaşyk esasynda araçy guramalar, biržalar, söwda öýleri we ýük getirijiler bilen gatnaşygy amala aşyrýar.

Müdirlik Türkmenistanyň serhet gümrükhanalaryndan harytlary we beýleki serişdeleri geçirmegiň deklaranty hökmünde çykyş edýär.

Müdirlik öz işini bar bolan hojalyk şertnamalaryna laýyklykda işlenip düzülen ykdysady we durmuşy ösüş meýilnamasynyň esasynda amala aşyrýar. Ygtyýarnama talap edýän degişli işleriň ähli görnüşleri ygtyýarnama alnandan soňra amala aşyrylýar.

 

Salgysy: Тürkmenistan, 745100, Balkanabat şäheri, 8-nji mart köçesi, 149-njy ÝJT, 10-njy jaý

Telefon:

  • + 993 (222) 6-46-02;
  • +993(222) 6-06-55.

E-mail: mesum@turkmennebit.gov.tm



Edaralar